Türkmen halkymyzyň gadymy milli mirasynyň ajaýyp bölegi bolan milli senetlerimizi we nepis zenan el işlerini wagyz etmek boýunça “Ejeli günleriň eşreti” ady bilen aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda hem Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda biziň milli mirasymyzy ösdürmekde hem uly işler alyp barýar.
Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet müzeýine Hormatly Arkadagymyzyň mähriban käbesi Ogulabat ejäniň on barmagynyň hünäri bolan, sünnälenip bejerlen kürte we gülli joraby gowşuryldy. 1971-nji ýylda keşdelenen bu kürte “Gyýak”, “okgözi”, “içýan agyz”, “tazy guýruk” nagyşlary bilen bezelipdir. Aragerbisi alaja düýe ýüň bilen örülip merkezinde çatylypdyr. Ýakasynyň sag tarapynda “1971 ýyl” diýen iňňe bilen ýerine ýetirilen ýazgy köjüme usulynda tikilipdir.
Mundan başga-da ýaňy-ýakynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowa agtyklary bilen bilelikde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine baryp, Türkmenistanyň Prezidentiniň enesi, Gahryman Arkadagymyzyň mähriban käbesi Ogulabat ejäniň taýýarlan we nesillere miras goýan alajalaryny we alaja taýýarlamakda ulanan iş guralyny muzeýe gowşurylandygy barada çykyş etdiler. Dabarada çykyş etdiler Türkmenistanyň Zenanlar birleşmesiniň Lebap welaýatynyň Kerki etrap bölüminiň başlygy Dilber Ýagşyýewa, Kerki etrabynyň ýaşaýjysy, kümüş saçly ene Oguljuma Merdanowa, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Kerki etrap komitetiniň partiýa guramaçysy Gülnabat Abdyrahymowa, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Kerki etrap komitetiniň esasy hünärmeni Sonagül Hudaýberenowa, Kerki etrap medeniýet merkeziniň müdiri Ogulkeýik Penjiýewa, Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş müzeýiniň işgäri Bahargül Hudaýberdiýewa, Kerki etrabynyň 35-nji orta mekdebiniň mugallymy Atajanowa Gülnara çykyş etdiler.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada dör...
Lebap açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň 3 million 81 müň 156 manatlygy...
Şu ýylyň geçen aýlarynda Lebap welaýaty boýunça öndürilen elektrik energiýasy 2,1 milliard kilowat sagada golaý boldy we geçen ýylyň degişli döwrüne g...
Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda agzybir watandaşlarymyzyň ömrüni bezeýän,...
Lebap welaýatynyň ekerançylary 2023-nji ýylda 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekip, ondan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat e...