“Ekologiýa abadançylygy – adamzadyň ýagty geljeginiň kepilidir” atly duşuşyk geçirildi

03.10.2023 209
“Ekologiýa abadançylygy – adamzadyň ýagty geljeginiň kepilidir” atly duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi, Kerki etrabynyň ýöriteleşdirilen 37-nji orta mekdebinde okaýan ýokary synp okuwçylaryň gatnaşmaklarynda 2023-nji ýylyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda ýaşlaryň, okuwçylaryň daşky gurşawy goramak çärelerine işjeň gatnaşmaklaryny guramak maksady bilen “Ekologiýa abadançylygy – adamzadyň ýagty geljeginiň kepilidir” atly duşuşyk geçirildi. Duşuşykda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni E.Ýoldaşowa, mekdebiň 11-nji synp okuwçysy J.Baýramdurdyýewa çykyş etdiler. Çykyşlarda ekologiýa abadançylygy, tebigat we ony ähli baýlyklary bilen aýawly saklamak, ýaňy-ýakynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Germaniýa Federatiw Respublikasyna amala aşyran wagtyndaky geçirilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn duşuşyklarda hem ekologik meseläniň hyzmatdaşlygyň örän möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezilendigi barada bellenildi.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Kerki etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri A.Joraýew


Lebap welaýat häkimliginiň resmi saýty © 2020 - 2025 Ähli hukuklary goralan.