El hünäri — il gezer

19.07.2023 205
El hünäri — il gezer

     Saýat etrabynyň Garabekewül şäher medeniýet öýünde Türkmenistanyň Zenanlar guramasynyň etrap bölüminiň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň bilelikde guramaklarynda etrabyň çagalar we ýetginjekler döredijilik öýleriniň arasynda «El hünäri — il gezer» ady bilen döredijilik bäsleşigi geçirildi. Oňa etrabyň çagalar we ýetginjekler döredijilik öýleriniň gurnak ýolbaşçylary gatnaşyp, keşde çekmek, jähek kakmak, haly dokamak we keçe basmak, alaja işmek boýunça öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. El işleriniň nepisligi bilen tapawutlanan bilim işgärleri bäsleşigiň ýeňijileri boldular. Olara guramaçylar tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Şeýle çäreler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe zehinli ýaşlaryň halk senetçiligi bilen meşgullanmaklaryna giň ýol açmaga hem-de olaryň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmaga uly ýardam edýär.

Lebap welaýat häkimliginiň resmi saýty © 2020 - 2025 Ähli hukuklary goralan.