"Elimden çykan egnime ýaraşar"

04.09.2023 204
"Elimden çykan egnime ýaraşar"

Hojambaz etrabyndaky 25-nji orta mekdepde Türkmenistanyň Zenanlar birleşigi tarapyndan yglan edilen "Türkmen keşdeçilik sungaty — milli mirasymyz" atly bäsleşigiň etrap tapgyry geçirildi. Oňa deslapky tapgyrda ýeňiş gazanan zenanlar gatnaşdylar. Eli çeper gelin-gyzlar gaýma gaýamakda öz ukyp-başarnyklaryny ýüze çykardylar. "Elimden çykan egnime ýaraşar" diýlişi ýaly, bäsleşige gatnaşyjylar taýýarlan lybaslaryny eginlerine geýip, çeper sözleriň, goşgularyň we rowaýatlaryň üsti bilen nepis keşdeleri wasp etdiler. Netijede etrabyň çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň gurnak ýolbaşçysy Tawus Öwezowa baş baýraga mynasyp boldy we bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy.

Lebap welaýat häkimliginiň resmi saýty © 2020 - 2025 Ähli hukuklary goralan.