Ertir ýagny, 1-nji awgustdan başlap, Türkmenistanyň ähli ýerlerinde, şol sanda welaýatymyzda hem mekdep bazarlarynyň işi ýola goýlar. Bu barada Hökümetiň 28-nji iýulda geçirilen mejlisinde wise-premýer B.Atdaýew döwlet Baştutanyna hasabat berdi.
Hasabatda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň söwda düzümleri tarapyndan okuwçylar we talyplar üçin, harytlary öndürijiler we iberijiler bilen bilelikde, ýurduň bazarlaryny okuw esbaplary, okuwçy we sport egin-eşikleri, aýakgaplary hem-de beýleki harytlar bilen üpjün etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Mekdep bazarlarynyň harytlarynyň söwdasyny şu ýylyň 1-nji awgustyndan başlap, 5-nji sentýabryna çenli geçirmek meýilleşdirilýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada dör...
Lebap açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň 3 million 81 müň 156 manatlygy...
Şu ýylyň geçen aýlarynda Lebap welaýaty boýunça öndürilen elektrik energiýasy 2,1 milliard kilowat sagada golaý boldy we geçen ýylyň degişli döwrüne g...
Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda agzybir watandaşlarymyzyň ömrüni bezeýän,...
Lebap welaýatynyň ekerançylary 2023-nji ýylda 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekip, ondan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat e...