Çärjew etrabynyň Farap şäher kitaphanasynda «Kalby buýsançly türkmeniň» atly kitap sergisi guraldy. Türkmen klassyk şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan sergide şahyryň dürli ýyllarda neşir edilen goşgular ýygyndylary aýratyn orun tutýar. Bu ýerde türkmen şahyrlarynyň Magtymguly barada ýazan goşgulary, edebiýatçylaryň ylmy we ylmy-populýar işleri hem goýulypdyr. Şonuň ýaly-da, kitaphana gelýänler Aşgabat şäherine bagyşlanan neşirler bilen hem tanyşyp bilerler. Sergide goýulan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwet galamyndan çykan kitaplar hem okyjylar tarapyndan uly isleg bildirilip okalýar. Kitaphananyň işjeň okyjylary serginiň ilkinji myhmanlary boldular.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada dör...
Şu ýylyň geçen aýlarynda Lebap welaýaty boýunça öndürilen elektrik energiýasy 2,1 milliard kilowat sagada golaý boldy we geçen ýylyň degişli döwrüne g...
Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda agzybir watandaşlarymyzyň ömrüni bezeýän,...
Lebap açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň 3 million 81 müň 156 manatlygy...
Lebap welaýatynyň ekerançylary 2023-nji ýylda 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekip, ondan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat e...