Garaşsyzlyk — bagtymyzyň gözbaşy

28.09.2023 267
Garaşsyzlyk — bagtymyzyň gözbaşy

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllygy mynasybetli tutulan toý-dabaralar ýurdumyzyň çar künjegini giňden gurşap aldy. Lebap ilinde-de naýbaşy baýramymyzyň şanyna uludan toý tutuldy. Türkmenabat şäherindäki baş Baýdak meýdançasy toý lybasyna beslendi. Bu ýerde welaýat, şäher häkimlikleriniň, iri jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, il sylagly ýaşulularyň, mährem eneleriň, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş işgärleriniň, talyp ýaşlaryň gatnaşmaklarynda döwlet Baýdagymyzyň belende galdyrylyş dabarasy boldy. Hormat garawulynyň esgerleri dabaraly ýöriş bilen ýaşyl Tugumyzy meýdança alyp geldiler. Döwlet Senamyzyň ýaňlanmagy bilen özygtyýarlylygymyzyň, baky mizemez berkararlygymyzyň nyşany bolan döwlet Baýdagymyz belende galdyryldy. Al-asmanda pasyrdaýan ýaşyl Tugumyz dabara gatnaşyjylarda buýsanç duýgusyny döretdi. Baýramçylyk dabarasy ildeşlerimiziň buýsançly çykyşlary, sungat ussatlarynyň şowhunly aýdym-sazlary bilen dowam etdi. Sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazlary, joşgunly tanslary mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň, eşretli zamanamyzyň, il agzybirliginiň waspy bolup ýaňlandy. Soňra Türkmenabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllygyna bagyşlanan dabara uly ruhubelentlige beslenip dowam etdi. Bu ýerde edilen çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň we peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ilhalar syýasatlarynyň netijesinde ata Watanymyzda gazanylýan beýik ýeňişler, ýetilýän belent sepgitler, Garaşsyzlygyň beren datly miweleri dogrusynda buýsançly gürrüň edildi. Türkmen halky bagtyýar, eşretli durmuşyň hözirini görýär, gurýar, döredýär. Dabarada çykyş edenler halkymyza şeýle ajaýyp ýaşaýşy peşgeş eden Milli Liderimize, hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar. Dabarada welaýatymyzyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynyň artistleri mukaddes Garaşsyzlygymyzy, ösüşlerden ösüşlere barýan ajaýyp döwrümizi wasp edýän edebi-sazly kompozisiýa bilen çykyş etdiler. Soňra dabara lebaply meşhur aýdymçy-sazandalaryň, tans we folklor toparlarynyň şowhunly çykyşlary bilen utgaşdy. Welaýat ýörite sungat mekdebiniň «Owaz» akapella toparynyň, ýaş bagşylaryň, çagalar döredijilik toparlarynyň çykyşlary hem tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn elçarpyşmalar bilen garşylanyldy. Belentden ýaňlanan şirin mukamlar bu ýere ýygnananlaryň göwün guşuny ganatlandyrdy. Ine, şeýle uly tutumlar bilen welaýatymyzda naýbaşy baýramymyz uludan toýlanyldy. Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk dabaralary welaýatymyzyň beýleki etrapdyr şäherlerinde-de ilat köpçüliginiň gatnaşmagynda giňden bellenildi. 

Lebap welaýat häkimliginiň resmi saýty © 2020 - 2025 Ähli hukuklary goralan.