Garaşsyzlyk — ösüşleriň gözbaşy

30.09.2023 267
Garaşsyzlyk — ösüşleriň gözbaşy

Şeýle at bilen mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly maslahat Sakar şäher medeniýet öýünde geçirildi. Oňa kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynyň işjeň agzalary, bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynyň işgärleri gatnaşdylar.

Maslahatda edilen çykyşlarda özygtyýarly döwletimiziň halkara giňişligindäki eýeleýän mynasyp orny, has işjeň häsiýete eýe bolýan hyzmatdaşlyk gatnaşyklary dogrusynda söz açyldy. Şeýle-de Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllygynyň öňüsyrasynda Milli Liderimiziň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşary ýurtlara amala aşyran iş saparlarynyň oňyn netijeleri we sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy berkitmekde bitiren hyzmatlary üçin Milli Liderimiziň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşanyna mynasyp bolmagy dogrusynda buýsançly çykyşlar edildi. Ildeşlerimiz ösüşleriň aýdyň ýoly bilen öňe barýan, parahatçylyk we bitewülik ýörelgelerine ygrarly döwletimiziň dünýäde ygtybarly hyzmatdaş hökmünde mundan beýläk-de öz ornuny has-da pugtalandyrjakdygyna ynam bildirdiler.

Dabara gatnaşyjylar öz ýürek buýsançlarynda halkymyzy parahatçylygyň we gülläp ösüşiň döwründe ýaşadýan Milli Liderimize we Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyklaryny aýtdylar. Etrabyň medeniýet we sungat ussatlarynyň taýýarlan aýdym-sazly çykyşlary dabara gatnaşyjylaryň baýramçylyk şatlygyny goşalandyrdy.

Näzik ŞIRIÝEWA
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň
welaýat birleşmesiniň bölüm müdiri

Lebap welaýat häkimliginiň resmi saýty © 2020 - 2025 Ähli hukuklary goralan.