Gaýnarbabada ýura döwrüne degişli jandarlar ýaşaýar

29.08.2023 21
Gaýnarbabada ýura döwrüne degişli jandarlar ýaşaýar

Köýtendag etrabyndaky Hojagaýnar çeşmesiniň jandarlarynyň arasynda ýura döwründen galan mollýuskalar, ýer gurçuklary we beýleki oňurgasyz jandarlar gabat gelýär. Alymlar bu çeşmäni jandarlaryň hakyky muzeýi diýip hem atlandyrýarlar. Çeşme Köýtendagyň günbatar tarapyndan öz gözbaşyny alýar. Dagyň aşagyndan çogup çykýan kükürtwodorodly suw köp dertleriň dermany. Onuň suwy şorrak, özi hem gyzgynlygy mydama 22 gradus derejede saklanýar.

Belli dilçi alym Soltanşa Atanyýazow özüniň «Türkmenistanyň geografik atlarynyň düşündirişli sözlügi» atly kitabynda: «Hojagaýnar — kükürtli çeşme (oňa Gaýnarbaba hem diýilýär). Hoja — bu ýerde «mukaddes» diýen manydadyr, ata, baba sözleri ýaly, öwlüýäleriň, duzly ýerleriň, kükürtli çeşmeleriň atlarynda köp duş gelýär (ol, köplenç, adyň öňünden goşulýar) gaýnar sözi bolsa gaýnap çykýan çeşmeleri aňladýar» diýip ýazýar.

Lebap welaýat häkimliginiň resmi saýty © 2020 - 2023 Ähli hukuklary goralan.