Gruziýanyň «Geosky Airlines» awiakompaniýasynyň howa gämisi Türkmenabadyň Halkara howa menziline ilkinji gonuşy amala aşyrdy. Bu awiakompaniýa häzirki wagtda Tbilisi (Gruziýa) – Zhengzhou (Hytaý) – Türkmenabat (Türkmenistan) – Zaragoza (Spaniýa) – Tbilisi (Gruziýa) ugurlary boýunça ýük gatnawlaryny amala aşyrýar. Türkmenistan Gruziýa bilen köpugurly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek, şeýle-de Aziýa, Kawkaz we Ýewropa ýurtlary bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak babatda ileri tutýan ugurlarynyň biri hasaplaýar. Munuň aýdyň mysaly hökmünde, täze halkara ýük howa gatnawynyň açylmagy ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň giňelmegine uly itergi berer.
geoskyŞeýlelikde, Türkmenistan Gruziýa bilen ýük howa gatnawlary ýola goýup, Kawkaz, Aziýa we Ýewropa ýurtlary ugry hyzmatdaşlygyny giňeldýär. Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi Döwletmyrat Seýitmämmedow Gruziýanyň «Geosky Airlines» awiakompaniýasy ýolbaşçylary bilen nobatdaky onlaýn görnüşinde duşuşygyny geçirdi. Duşuşykda, Gruziýa bilen Aziýanyň we Ýewropanyň şäherlerini birleşdirjek Türkmenabadyň Halkara howa menzili üstaşyr nokat hökmünde ulanylyp, ilkinji nobatda onuň geografik taýdan amatly ýerleşmegi, ýagny Aziýany we Ýewropany birikdirýän howa ýollary, demir ýol we awtoulag ýollarynyň çatrygynda ýerleşmegi bilen şertlendirýändigi bellenildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada dör...
Şu ýylyň geçen aýlarynda Lebap welaýaty boýunça öndürilen elektrik energiýasy 2,1 milliard kilowat sagada golaý boldy we geçen ýylyň degişli döwrüne g...
Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda agzybir watandaşlarymyzyň ömrüni bezeýän,...
Lebap açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň 3 million 81 müň 156 manatlygy...
Lebap welaýatynyň ekerançylary 2023-nji ýylda 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekip, ondan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat e...