25-nji fewralda Türkmenistanyň Gazagystandaky ilçisi Batyr Rejepow Gazagystanyň Premýer-ministriniň orunbasary, daşary işler ministri Murat Nurtleu bilen duşuşdy.
Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, taraplar 2025-nji ýylda geçirilmegi meýilleşdirilýän ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn derejelerdäki çäreleriň rejesini ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle hem türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň syýasy, söwda-ykdysady, ulag-üstaşyr we energetika ugurlary boýunça möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýokary derejede gazanylan ylalaşyklaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine aýratyn üns berildi.
M.Nurtleu Türkmenistan bilen strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga Gazagystanyň gyzyklanma bildirýändigini nygtady.
Şeýle hem Murat Nurtleu Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Kemelewiç Tokaýewe ýollanan Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna we Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan Halkara foruma resmi çakylygy gowşurdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada dör...
Şu ýylyň geçen aýlarynda Lebap welaýaty boýunça öndürilen elektrik energiýasy 2,1 milliard kilowat sagada golaý boldy we geçen ýylyň degişli döwrüne g...
Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda agzybir watandaşlarymyzyň ömrüni bezeýän,...
Lebap açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň 3 million 81 müň 156 manatlygy...
Lebap welaýatynyň ekerançylary 2023-nji ýylda 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekip, ondan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat e...