“Halk maslahaty-Geňeşli iliň döwletli ýoly” ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

18.10.2023 305
“Halk maslahaty-Geňeşli iliň döwletli ýoly” ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Kerki etrap komiteti, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Kerki etrap birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda Kerki etrap Medeniýet öýünde Türkmenistanyň Halk maslahaty barada “Halk maslahaty-Geňeşli iliň döwletli ýoly” ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga il sylagly ýaşulylar, kümüş saçly eneler, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, bilim we saglyk ulgamynyň işgärleri hem-de döwlet sylagyna mynasyp bolan ildeşlerimiz gatnaşdylar. Bu wagyz nesihat duşuşygynda Kerki etrabynyň il ýaşulysy Igamberdiýew Nedirkul, kümüş saçly enemiz Kerki etrabynyň ýöriteleşdirilen 7-nji orta mekdebiniň mugallymy Oguljuma Merdanowa Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Toýly Berkeliýew, Hormatly Prezidentimiziň şa serpaýyna mynasyp bolan Kerki etrabynyň Gyzylaýak geňeşliginiň mehanizatory Soltanow Döwletgeldi, Kerki etrap çagalar sungat mekdebiniň fortepiano hünäriniň mugallymy Irina Şuwalowa, Mürzebeggala daýhan birleşiginiň baş agranomy Rahmanberdi Döwletow döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda şanly waka bolan Halk Maslahatynyň mejlisinde garalan meseleler we kabul edilen çözgütler öňde goýlan anyk wezipeler we aýdyň maksatlar ata Watanymyzyň mundan beýläk-de bedew batly ösüş özgerişlere beslenjekdigi barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Lebap welaýat häkimliginiň resmi saýty © 2020 - 2025 Ähli hukuklary goralan.