Lebap welaýat häkimliginde golaýda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini wagyz-nesihat etmek maksady bilen maslahat geçirildi. «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň demokratik ýoly bilen beýik geljege tarap» at bilen guralan bu maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat, şäher we etrap Halk maslahatlarynyň başlyklary, jemgyýetçilik guramalarynyň we edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler, talyp ýaşlar, medeniýet we sungat ussatlary gatnaşdylar. Maslahatda çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde döwlet durmuşyna dahylly möhüm meseleleriň oňyn çözgüdi kabul edildi. Halkyň erk-isleginiň wysal tapyp, döwlet Baştutanyna Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent adyň dakylmagy bolsa şu gezekki döwletli Maslahatyň esasy aýratynlygy boldy. Maslahatyň dowamy welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary bilen utgaşdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada dör...
Şu ýylyň geçen aýlarynda Lebap welaýaty boýunça öndürilen elektrik energiýasy 2,1 milliard kilowat sagada golaý boldy we geçen ýylyň degişli döwrüne g...
Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda agzybir watandaşlarymyzyň ömrüni bezeýän,...
Lebap açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň 3 million 81 müň 156 manatlygy...
Lebap welaýatynyň ekerançylary 2023-nji ýylda 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekip, ondan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat e...