Halkara hünärmenleri okuw sapagyny geçdiler

20.09.2023 251
Halkara hünärmenleri okuw sapagyny geçdiler

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasynyň durmuş syýasaty bölüminiň hünärmeni Aýsenem Agabaýewanyň we şol guramanyň Özbegistan Respublikasyndaky wekilhanasynyň çagalar goraglylygy bölüminiň hünärmeni Diana Isaýewanyň guramaklarynda okuw sapagy geçirildi. Institutda durmuş işi taýýarlyk ugrunyň okuw meýilnamalaryny, maksatnamalaryny kämilleşdirmek hem-de bu ugruň jemgyýetdäki ornuny we wezipesini has-aýdyňlaşdyrmak maksady bilen geçirilen okuw sapagy üç günläp dowam etdi. Onuň ilkinji gününde institutyň professor-mugallymlarynyň, Aşgabat şäheriniň durmuş taýdan hyzmat edýän edarasynyň hünärmenleriniň, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň Durmuş üpjünçiligi müdirliginiň hem-de gartaşan adamlara we maýyplygy bolan adamlara durmuş taýdan hyzmat edýän edarasynyň hünärmenleriniň özara pikir alyşmalary geçirildi.

Okuw sapagy iki tapgyrdan ybarat boldy.

Birinji tapgyrda institutyň professor-mugallymlaryna durmuş işi boýunça hünärmeniň jemgyýetdäki orny, wezipesi we durmuş işi taýýarlyk ugry bilen baglanyşykly halkara derejesinde kabul edilen konwensiýalar we kodeksler hakynda giňişleýin gürrüň berildi.

Okuw maslahatynyň ikinji tapgyry bu taýýarlyk ugrunyň talyplary we olary okadýan mugallymlar bilen geçirildi. Bu tapgyrda durmuş işi boýunça hünärmeniň etiki kodeksi we bu babatda halkara tejribesi, belli bir jemgyýetdäki stigma, stereotip, diskriminasiýa (kemsitmeler) we stigmatizasiýa, olaryň netijeleri hakynda gürrüň berildi. Talyplar bilen geçirilen okuw sapagynyň dowamynda durmuş işi boýunça hünärmeniň jemgyýetdäki orny, wezipesi we halkara derejesinde kabul edilen durmuş işi boýunça kesgitlemeler barada hem düşünje berildi. Mundan başga-da, bu ugur boýunça işgär bilen hünärmeniň arasyndaky tapawut barada wideogörnüşleriň üsti bilen maglumat berildi. Okuw sapagynyň ikinji gününde atlary agzalan halkara derejeli hünärmenler institutyň professor-mugallymlary we gartaşan adamlara we maýyplygy bolan adamlara durmuş taýdan hyzmat edýän edarasynyň hünärmenleri bilen bilelikde durmuş işinde ulanylýan ekoulgam we genogramma boýunça düşündiriş berdiler. Şeýle hem şol gün durmuş işi boýunça hünärmenleriň müşderiler bilen gürrüňdeşliginiň inçelikleri barada gürrüň edildi. Okuw sapagynyň jemleýji gününe mugallymlar we talyplar bilelikde gatnaşdylar. Olar bu ugur boýunça amaly we nazary tejribeleri edindiler. Hususan-da, talyplaryň gatnaşmaklarynda dürli görnüşdäki tejribe işleri amala aşyryldy. Baýry ýokary okuw mekdebimizde açylan täze taýýarlyk ugry boýunça okuwyň ilkinji günlerinde mugallymlarymyzyň we talyplarymyzyň bilimleriniň halkara derejesinde ösdürilmegi hünäre üstünlikli giriş boldy. Mugallymlar we talyplar döredilen mümkinçilik üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Lebap welaýat häkimliginiň resmi saýty © 2020 - 2024 Ähli hukuklary goralan.