"Halkara hyzmatdaşlygynda türkmen ýaşlarynyň orny" atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi

30.08.2023 166
"Halkara hyzmatdaşlygynda türkmen ýaşlarynyň orny" atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Halaç etrap Geňeşi Halaç etrabynyň 31-nji orta mekdebiniň binýadynda etrabyň 2-13-nji orta mekdebiniň okuwçylarynyň, işjeň agzalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütündünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzasyna kabul edilmegini ýaşlaryň arasynda wagyz-etmek maksady bilen "Halkara hyzmatdaşlygynda türkmen ýaşlarynyň orny" atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlikde ýaşlar Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütündünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzasyna kabul edilmegini ýaşlaryň ykrar edilmegi ýurdumyzyň ýaş nesliň ruhy- ahlak, medeni, aň-paýhas we beden taýdan sazlaşykly ösmegini üpjün etmek işimdäki hyzmatlarynyň nobatdaky subutnamasydyr. Magtymguly Pyragynyň adyny buýsanç bilen göterýän Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň işini has-da kämilleşdirmek we dünýä derejesinde ösdürmek babatda giň mümkinçilikler döredilýändigini buýsanç bilen çykyşynda bellediler. Söhbetdeşlikde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Halaç etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň bölüminiň müdiri G.Amansähedowa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Halaç etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni G.Wellekow, Halaç etrabynyň 2-nji orta mekdebiniň okuwçysy, işjeň agzasy B.Möwlýamowa, Halaç etrabynyň 13-nji orta mekdebiniň okuwçysy, işjeň agza O.Azadow çykyş etdiler.

Lebap welaýat häkimliginiň resmi saýty © 2020 - 2024 Ähli hukuklary goralan.