Asyrlar boýy halylar adamzat ýaşaýşynyň hemrasy bolupdyr. Olaryň meşhurlygy häzirki günlerde hem pese gaçmaýar. Şeýle-de bolsa ilkinji halynyň haçan dokalandygy hakynda takyk maglumaty aýtmak kyn. Birnäçe halklaryň birek-birekden habarsyz haly dokamak işi bilen bir döwürde meşgullanyp başlamagy haýran galdyryjydyr. Halylar hakynda birnäçe gyzykly maglumatlar aýdanymyzda, Ermitaž muzeýinde dünýä gymmatlygy hasaplanýan gadymy pazyrak halysyny görmek bolýar. Ol özüniň ilki başdaky görnüşini saklap galmagy başarypdyr. Bu gymmatly tapyndy depäniň buzly gatlagynyň astyndan tapyldy. Halyçylyk adamzadyň ele alan hünäriniň iň ilkinjileriniň biri hasaplanýar. Şonuň üçin-de ol ÝUNESKO-nyň medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Nederlandiýada dizaýnerler tarapyndan metal çüýler, önümleri we beýleki materiallar arkaly döredilen täsin halylaryň gözelligi haýran galdyrýar. Gyzyl halylaryň patyşalara, ýolbaşçylara we baý adamlara laýyk görünýändigi hemmelere mälimdir. Amerikan gurnaýjysy gyzyl halyny golliwud filmleriň ilkinji gezek görkeziliş dabarasynda ýazmak bilen bu adata üýtgeşme girizipdir. Onuň bu başlangyjy häzirki wagtda hem kino durmuşynyň möhüm wakalarynda dowam etdirilýär. Halylar hiç haçan öý bezeginde öz döwrebaplygyny ýitirmeýär. Öý eýeleri haly saýlamakda öz islegine salgylanýarlar. Şeýle-de bolsa bu ugurda hünärmeniň maslahaty artykmaçlyk etmez. Haly we haly önümleriniň bazarynda tejribeli hünärmenler zähmet çekýär. Olar müşderiniň islegine we talabyna görä, haly harytlaryny saýlamaga ýardam edýär.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Lebap welaýat Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni: Dinara Karimowa
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada dör...
Şu ýylyň geçen aýlarynda Lebap welaýaty boýunça öndürilen elektrik energiýasy 2,1 milliard kilowat sagada golaý boldy we geçen ýylyň degişli döwrüne g...
Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda agzybir watandaşlarymyzyň ömrüni bezeýän,...
Lebap açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň 3 million 81 müň 156 manatlygy...
Lebap welaýatynyň ekerançylary 2023-nji ýylda 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekip, ondan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat e...