Harmanyňyza bereket pagtaçylar!

19.10.2023 335
Harmanyňyza bereket pagtaçylar!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň oba hojalyk pudagy hormatly Prezidentimiziň alyp barýan adalatly syýasatynyň çäklerinde iň ileri tutulýan pudaklaryň biri bolmak bilen oba hojalygynda zähmet çekýän kärendeçileriň, daýhanlaryň, bagbanlaryň tutanýerli zähmet çekmekleri we medeniýetli dynç almaklary üçin ähli şertler döredilýär. Döwlet tarapyndan döredilýän ýeňillikli şertlerden ýerlikli peýdalanýan etrabymyzyň edermen kärendeçileri ýylyň-ýylyna ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyryp gowy netijeler gazanýarlar.

Kerki etrap häkimligi we Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Kerki etrap komitetiniň jogapkär işgärleri bilen bilelikde etrabyň Daşlyk geňeşliginiň ussalar obasynyň S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginiň 1-nji kärendiçiler topary bilen bilelikde gysga wagtlyk arakesme wagtynda pagta ýygymçylaryň armasyny ýetirmek maksady bilen we pagta ýygymynyň sazlaşykly, öndürüjilikli alnyp barylmagy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Iş üstünde gyzgyn nahar, çaý, etrap medeniýet bölüminiň işgärleriniň aýdym-sazly çykyşlary guralýar. Bu geçirilýän çäreler bolsa kärendeçi daýhanlarymyzyň ruhlaryny has-da belende göterdi. Bize şeýle eşretli, ajaýyp zamanada ýaşamaga, işlemäge döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin, daýhanlaryň halal zähmeti bilen baýamagy, azyk bolçylygynyň döredilmegi, bagtyýar halkymyzyň eşretli ertirleri barada gije-gündiz alada edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun! Il-ýurt bähbitli döwletli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Lebap welaýat häkimliginiň resmi saýty © 2020 - 2025 Ähli hukuklary goralan.