Türkmenabadyň himiýa zawodynda ýylyň başyndan bäri oba hojalygy üçin möhüm bolan fosforly mineral döküniniň, ýagny ammonili superfosfatyň meýilnamada bellenilen 126 müň 500 tonnasyna derek 135 müň tonnadan gowragy öndürilip, bu baradaky meýilnama 106,9 göterim amal edildi.
Bu ýerde ýylyň başynda bäri 186 tonna elektrolit öndürilip, onuň ösüş depgini geçen ýylyň şu döwri bilen deňeşdirilende 160 göterimden aşypdyr. Kärhanada ösümlikleriň ösüşini sazlaşdyrýan suwuk görnüşli serişde — oksigumat öndürmek boýunça hem ýokary netije gazanylypdyr. Gowaça, däneli, gök we bakja ekinleri, şeýle hem ýeralma ekilende ulanylýan bu döküniň şu ýylyň alty aýynda 200 tonnasy öndürilip, ösüş depgini 151 göterimden gowrak bolupdyr.
Şeýle hem kärhananyň işgärleri ýylyň alty aýynyň dowamynda kükürt kislotasynyň 46 müň tonna golaýyny öndürmegiň hötdesinden gelipdiler. Bu ýerde halk hojalygynyň dürli pudaklarynda ulanylýan keramiki önümleriň dürli görnüşlerini, dürli ölçegdäki polietilen we polipropilen turbalary hem-de çelekleri we beýleki dürli himiki serişdeleri öndürmeklik ýola goýlupdyr. Kärhanada häzirki wagtda 1 müň 300-den gowrak işçidir hünärmenleriň zähmet çekýändigini, bu ýerde tejribeli hünärmenler bilen birlikde ýaşlaryň hem ençemesiniň işleýändiklerini bellemek bolar.
Kärhanada öndürilýän önümleriň oba hojalyk ulgamynda ulanmagyň has amatly usullary gözlenilýär. Muňa mysal edip, superfosfat önüminiň düwürlenen, ýagny dänelenen görnüşiniň — meliorantyň önümçiliginiň ýola goýlandygyny, onuň bolsa, ekin meýdanlaryna dökün berlende örän amatlydygyny görkezmek bolar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada dör...
Şu ýylyň geçen aýlarynda Lebap welaýaty boýunça öndürilen elektrik energiýasy 2,1 milliard kilowat sagada golaý boldy we geçen ýylyň degişli döwrüne g...
Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda agzybir watandaşlarymyzyň ömrüni bezeýän,...
Lebap açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň 3 million 81 müň 156 manatlygy...
Lebap welaýatynyň ekerançylary 2023-nji ýylda 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekip, ondan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat e...