Türkmenabadyň S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda superfosfat önüminiň düwürlenilen, ýagny, dänelenilen görnüşiniň — meliorantyň önümçligi ýola goýuldy. Bu bolsa ekin meýdanlaryna dökün berlende örän amatlydyr.
Munuň şeýledigini bu kärhananyň adyna gelen döküniň şu görnüşini ulanmaklygyň örän amatlydygy baradaky hoşallyk hatlary-da doly subut edýär. Şeýle hatlaryň biri Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň Sadulla Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýeti tarapyndan iberilipdir. Onda gowaça ekişine taýýarlyk döwründe düwürlenilen bu döküniň synag üçin ulanylandygy, onuň agrotehniki kadalara laýyk gelýändigi, oba hojalyk tehnikalarynda ulanylanda, örän amatlydygy, ýere sepilende we daşalanda ýitgileriň ýokdugy, tejribeli daýhanlar tarapyndan oňlanylandygy aýdylyp, geljekde hem bu ugurda himiýa zawody bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etjekdikleri bellenilýär.
Kuwwatly zawodda şu ýylyň başyndan bäri oba hojalygy üçin möhüm bolan fosforly mineral döküniň, ýagny, ammonili superfosfatyň meýilnamada bellenilen 126 müň 500 tonnasyna derek 135 müň tonnadan gowragy öndürilip, bu baradaky meýilnama 106,9 göterim amal edildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada dör...
Şu ýylyň geçen aýlarynda Lebap welaýaty boýunça öndürilen elektrik energiýasy 2,1 milliard kilowat sagada golaý boldy we geçen ýylyň degişli döwrüne g...
Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda agzybir watandaşlarymyzyň ömrüni bezeýän,...
Lebap açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň 3 million 81 müň 156 manatlygy...
Lebap welaýatynyň ekerançylary 2023-nji ýylda 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekip, ondan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat e...