Hormatly Prezidentimiziň welaýatymyza iş saparyny amala aşyryp, dabaraly ýagdaýda Türkmenabadyň S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda ýylda 350 müň tonna superfosfat we 100 müň tonna ammoniý sulfaty mineral dökünlerini öndürýän toplumyň düýbüni tutmaga ak pata bermegi mynasybetli welaýat häkimliginde hoşallyk maslahaty geçirildi. Maslahata Türkmenabadyň S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynyň işçi-hünärmenleri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, il sylagly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýaşlar gatnaşdylar.
Maslahatda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygy bilen ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, şol sanda daşary ýurtlardan geti-rilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça giň gerimli maksat-namalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini bellediler. Türkmenabatda hem döwlet Baştutanymyzyň ak pata bermegi bilen mineral dökünleri öndürýän täze toplumyň gurluşygyna badalga berilmegi oba hojalyk önümçiliginiň mundan beýläk hem köptaraplaýyn ösmegine oňyn täsirini ýetirjek giň gerimli işleriň biri boldy. Täze toplumyň gurulmagy bilen mineral dökünleriň önümçiligi has-da giňeler we hili ýokarlanar. Munuň üçin maslahata gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň başyny tutan düýpli özgertmelerini üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza çuňňur hoşallyk sözlerini aýtdylar. Maslahatyň dowamynda Türkmenabat şäherinde mineral dökünleri öndürýän täze toplumyň gurluşygyna ak pata berendigi üçin hormatly Prezidentimize welaýatymyzyň ähli ýaşaýjylarynyň adyndan Ýüzlenme kabul edildi. Soňra welaýatymyzyň medeniýet-sungat işgärleriniň ýerine ýetiren aýdym-sazly çykyşlary maslahata gatnaşyjylaryň ruhlaryny has-da belende göterdi.
Rahman Ergeşow,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat
Geňeşiniň başlygynyň orunbasary
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada dör...
Şu ýylyň geçen aýlarynda Lebap welaýaty boýunça öndürilen elektrik energiýasy 2,1 milliard kilowat sagada golaý boldy we geçen ýylyň degişli döwrüne g...
Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda agzybir watandaşlarymyzyň ömrüni bezeýän,...
Lebap açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň 3 million 81 müň 156 manatlygy...
Lebap welaýatynyň ekerançylary 2023-nji ýylda 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekip, ondan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat e...