Lebap welaýatynyň hususyýetçileriniň sentýabr aýynda Hytaýda geçiriljek halkara intellektual sergä gatnaşmagy mümkin. Çünki Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň resmi saýty hususy düzümleriň agzalarynyň Hytaýyň günorta-günbatar sebitinde ýerleşýän Çunsin şäherinde 4 – 6-njy sentýabrda geçiriljek halkara intellektual senagat sergisine gatnaşmaga çagyrylýandygyny habar berdi.
«Smart China Expo 2023» diýlip atlandyrylýan bu sergi şahsy gatnaşyk we wideoaragatnaşyk arkaly utgaşykly geçirilýär. 2018-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýän bu sergi intellektual eýeçilik we täze tehnologiýalar babatda halkara hyzmatdaşlygy ilerletmek üçin amatly giňişlikdir.
Sergide 30-dan gowrak pudakda täze tehnologiýalary ulanmagyň ýollary tanyşdyrylýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada dör...
Şu ýylyň geçen aýlarynda Lebap welaýaty boýunça öndürilen elektrik energiýasy 2,1 milliard kilowat sagada golaý boldy we geçen ýylyň degişli döwrüne g...
Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda agzybir watandaşlarymyzyň ömrüni bezeýän,...
Lebap açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň 3 million 81 müň 156 manatlygy...
Lebap welaýatynyň ekerançylary 2023-nji ýylda 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekip, ondan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat e...