Içerki bazaryna ugradylýar

14.09.2023 12
Içerki bazaryna ugradylýar

Welaýatymyzyň «Miwe» oba hojalyk senagat birleşiginde ilatyň gök-miwe gaplamalaryna bolan islegini kanagatlandyrmak ugrunda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Bu ýerde şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda dürli görnüşli gök-miwe gaplamalarynyň 7 million 264 müň 534 manatlygy öndürildi. Has takygy, bu döwürde gök-bakja önümleriniň we miweleriň 702 tonnasy gaplanylyp, önümçilik meýilnamasy artygy bilen berjaý edildi. Taýýar önümler ýurdumyzyň içerki bazaryna ugradylýar.

Lebap welaýat häkimliginiň resmi saýty © 2020 - 2023 Ähli hukuklary goralan.