Türkmenabat şäherindäki 13-nji sport mekdebinde tälim alýan 13 ýaşly küştçi Mähri Agamyradowa Russiýanyň Moskwa şäherinde Mihail Botwinnigiň hatyrasyna bagyşlanyp, 14 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilen halkara ýaryşda kümüş medala mynasyp boldy. Güýçli garşydaşlarynyň birnäçesini ýeňip, diňe finalda russiýaly Anna Şuhmandan utulan Mähri mümkin bolan 8 utukdan 5,5 utuk toplamagy başardy. Şeýlelikde, tejribeli tälimçi Oguljan Reýimowanyň şägirdi Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyndaky ikinji halkara üstünligini gazandy. Fewral aýynda 14 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda Türkmenistanyň çempiony bolan Mähri iýul aýynda mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen Aziýanyň çempionatyndan iki kümüş medal bilen dolanyp geldi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada dör...
Şu ýylyň geçen aýlarynda Lebap welaýaty boýunça öndürilen elektrik energiýasy 2,1 milliard kilowat sagada golaý boldy we geçen ýylyň degişli döwrüne g...
Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda agzybir watandaşlarymyzyň ömrüni bezeýän,...
Lebap açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň 3 million 81 müň 156 manatlygy...
Lebap welaýatynyň ekerançylary 2023-nji ýylda 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekip, ondan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat e...