Ildeşimiz — halkara bäsleşiginiň ýeňijisi

28.09.2023 28
Ildeşimiz — halkara bäsleşiginiň ýeňijisi

Üstümizdäki ýylda Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň — TÜRKSOÝ-yň döredilenine 30 ýyl doldy. Şanly sene mynasybetli bu gurama agza bolup durýan döwletleriň wekilleriniň gatnaşmaklarynda ylmy-amaly maslahatlar, festiwallar, bäsleşikler geçirildi. «TÜRKSOÝ — türki dünýäniň altyn köprüsi» diýen mowzukda düzme ýazmak boýunça mekdep okuwçylarynyň arasynda guralan bäsleşik hem şanly senä bagyşlandy. Sanly ulgam arkaly geçirilen bäsleşige Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Akpamyk Maksadowa hem gatnaşyp, birinji orna mynasyp boldy. Ýurdumyza wekilçilik eden maryly, ahally ýaşlar bolsa, degişlilikde, ikinji, üçünji orunlary eýelediler. Ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllygynyň uludan toýlanylýan günlerinde Türkiýe Respublikasynyň paýtagty Ankara şäherinde ýeňijileri sylaglamaklyga bagyşlanan dabara boldy. Bäsleşikde ýeňiji bolan türkmenabatly Akpamyk Maksadowa dabara mahalynda Hormat haty, altyn medal we kompýuter gowşuryldy. Halkara bäsleşiginde ýeňiş gazanmak bilen naýbaşy baýramymyza sowgatly gelmek zehinli ildeşimizde çuňňur buýsanç duýgusyny döretdi. Ýeňijileri sylaglamaklyga bagyşlanan dabara TÜRKSOÝ-a agza bolup durýan döwletleriň mekdep okuwçylarynyň bilelikdäki tejribe sapaklarynyň, dabaralaryň geçirilmegi bilen utgaşdy. Dürli ýurtlardan gelen ýaşlaryň gatnaşmaklarynda bir hepdäniň dowamynda Türkiýäniň Ankara, Stambul şäherlerinde gezelençler hem guraldy. Golaýda ildeşlerimiz ýurdumyza dolanyp geldiler. Biz halkara bäsleşiginiň ýeňijisi Akpamyk Maksadowa hem-de onuň mugallymy bilen redaksiýamyzda söhbetdeş bolduk. Ol: — Ýurdumyz bilen Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň arasyndaky işjeň hyzmatdaşlyklar barha ýygjamlaşýar. Bu abraýly halkara guramasy tarapyndan «2024-nji ýyl — Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ýyly» diýlip yglan edildi. Bu bolsa nusgawy şahyrymyzyň edebi mirasyna halkara derejesinde iňňän ýokary baha berilýändiginden nyşandyr. Men hem öz ýazan düzmämde şular dogrusynda giňişleýin gürrüň etdim. Mekdebimiziň türkmen dili we edebiýat mugallymy Gözel Magtymowa we mugallym bolup işleýän ejem Nurtäç Rejepowa maňa ýakyndan goldaw berdiler, ugrukdyrdylar. Ynha-da, ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllygynyň toýlanylýan günlerinde halkara bäsleşiginiň ýeňijisi hökmünde Hormat haty, altyn medal bilen sylaglanyldym. Bu ýeňiş meniň naýbaşy baýramymyza mynasyp sowgadymdyr. Geljekde-de mekdepde gowy bahalar bilen okap, ýurdumyzyň ösüşlerine önjeýli goşant goşaryn — diýip, buýsançly gürrüň berýär. Akpamyk mekdebi tamamlap, mugallymçylyk ugrundan ýokary bilim almagy, öz ejesiniň kesbini dowam etdirmegi maksat edinýär. Yhlaslylygy, zehinliligi, ukyp-başarnygy, saýlap alan hünärine bolan söýgüsi oňa geljekde arzyly kesbiniň eýesi bolmagyna oňyn itergi berer.

Lebap welaýat häkimliginiň resmi saýty © 2020 - 2023 Ähli hukuklary goralan.