Lebap welaýat Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda ýylyň-ýylyna geçirilýän «Iň eýjejik gyzjagaz -2024» atly şadyýan bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi. Onda bäsleşigiň etrap-şäher tapgyrlarynda ýeňiji bolan 2-4 synplarda okaýan gyzjagazlar öz ukyp-başarnyklaryny açyp görkezdiler. Gyzjagazlar bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygy netijesinde ýurdumyzda alnyp barylýan tutumly işleri, bagtyýar çagalygy, dost-doganlygy, sporty wasp edýän aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirdiler. Şeýle hem olar milligimize, sungatymyza, medeniýetimize bolan söýgüsini şahyrana sözleriň üsti bilen beýan etdiler. Bäsdeş gyzjagazlar özleriniň ýaş aýratynlyklaryna görä, ene-mamalarymyzdan miras galan milli el işlerimizi ýerine ýetirmek boýunça hem başarnyklaryny açyp görkezdiler. Gyzgalaňly häsiýete eýe bolan bäsleşigiň netijeleri boýunça Dänew etrabyndaky 2-nji orta mekdebinden Aýna Döwletýarowa birinji, Çärjew etrabyndaky ýöriteleşdirilen 31-nji orta mekdepden Jahan Jumaýewa ikinji orunlara mynasyp boldular we bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Bäsleşikde baýrakly üçünji orna Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdebinden Jennet Ergeşowa mynasyp boldy. Ýeňijilere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşiniň baş hünärmeni: Dinara Karimowa
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada dör...
Şu ýylyň geçen aýlarynda Lebap welaýaty boýunça öndürilen elektrik energiýasy 2,1 milliard kilowat sagada golaý boldy we geçen ýylyň degişli döwrüne g...
Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda agzybir watandaşlarymyzyň ömrüni bezeýän,...
Lebap açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň 3 million 81 müň 156 manatlygy...
Lebap welaýatynyň ekerançylary 2023-nji ýylda 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekip, ondan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat e...