«Iň eýjejik gyzjagaz -2025» atly şadyýan bäsleşiginiň Lebap welaýatynyň Saýat etrap tapgyry geçirildi.

28.02.2025 425
«Iň eýjejik gyzjagaz -2025» atly şadyýan bäsleşiginiň Lebap welaýatynyň Saýat etrap tapgyry geçirildi.

    Ýaňy ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň bilelikde gurnamagynda Milli bahar baýramy mynasybetli ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň 2-4-nji synplarynda okaýan okuwçy gyzlaryň arasynda geçirilýän «Iň eýjejik gyzjagaz -2025» atly şadyýan bäsleşiginiň Lebap welaýatynyň Saýat etrap tapgyry geçirildi. Bäsleşige gatnaşan gyzjagazlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň 2025-nji “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde alnyp barylýan tutumly işleri eziz Watanymyzy bagtyýar çagalygy, dost-doganlygy, parahatçylygy we sagdyn durmuş ýörelgesini özleriniň aýdym-sazlarynyň üsti bilen wasp etdiler.

    Bäsleşigiň netijesinde I orna Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň 28-nji orta mekdebiniň 3-nji “A” synp okuwçysy Aýmelek Hudaýberdiýewa, II orna Saýat etrabynyň 29-njy orta mekdebiniň 4-nji “A” synp okuwçysy Aýgözel Muhammedowa, III orna Saýat etrabynyň 22-nji orta mekdebiniň 3-nji “B” synp okuwçysy Leýli Babaýewa dagylar mynasyp boldular. Bäsleşigiň ýeňijilerine we gatnaşyjylaryna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Saýat etrap Geňeşi tarapyndan hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Lebap welaýatynyň Saýat etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri

Aýjan ALLABERDIÝEWA

Lebap welaýat häkimliginiň resmi saýty © 2020 - 2025 Ähli hukuklary goralan.