Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň bilelikde yglan eden Milli bahar baýramy mynasybetli ýurdumyzyň umumy bilim berýän mekdepleriniň 2-4-nji synplarynda okaýan okuwçy gyzlarynyň arasynda geçiriljek “Iň eýjejik gyzjagaz-2026” atly şadyýan bäsleşiginiň Köýtendag etrap tapgyry geçirildi.
Etrabyň 39-njy orta mekdebiniň mejlisler jaýynda geçirilen bu şadyýan bäsleşik örän çekeleşikli bolup onda Köýtendag etrabynyň 1-nji orta mekdebiniň 2-nji synp okuwçysy Maksadowa Medine I-orna; 1-nji orta mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy Rahmanowa Muhabbat II-orna; 13-nji orta mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy Kadyrkulowa Maýsa III-orna mynasyp boldular. Bäsleşigiň soňunda oňa gatnaşyjylara we ýeňijilerine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Köýtendag etrap Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Roza TAŞPOLATOWA
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň
Köýtendag etrap Geňeşiniň buhgalteri
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada dör...
Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda agzybir watandaşlarymyzyň ömrüni bezeýän,...
Şu ýylyň geçen aýlarynda Lebap welaýaty boýunça öndürilen elektrik energiýasy 2,1 milliard kilowat sagada golaý boldy we geçen ýylyň degişli döwrüne g...
Lebap açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň 3 million 81 müň 156 manatlygy...
Lebap welaýatynyň ekerançylary 2023-nji ýylda 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekip, ondan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat e...