Türkmenabadyň tikin fabriginiň zähmet adamlary şu ýylyň ýedi aýynyň iş meýilnamasyny möhletinden öň ýerine ýetirdiler. Olar şu döwür üçin meýilleşdirilen 20 million 714 müň 592 manatlygyň ýerine eýýäm 25 million manatlykdan gowrak önüm öndürdiler.
Fabrigiň önümleriniň içerki bazarda tutýan orny örän ýokary hasap edilýär. Bu ýerde, esasan, harbylardan gelýän buýurmalaryň uly möçberdäkisi çalt we ýokary hilli ýerine ýetirilýär. Geçen ýyllarda mekdep ýaşly çagalar üçin daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň birnäçesi hem şu fabrikde öndürilip başlandy. Mekdep okuwçylarynyň köp isleg bildirilýän goşhaltalarynyň, egin-eşikleriniň önümçiligi şu ýyl hem üstünlikli dowam etdirilýär. Welaýatyň çagalar bakja-baglaryndaky körpeler üçin ýorgan-düşekleriň, ýassyklaryň daşlyklary hem öndürilýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada dör...
Şu ýylyň geçen aýlarynda Lebap welaýaty boýunça öndürilen elektrik energiýasy 2,1 milliard kilowat sagada golaý boldy we geçen ýylyň degişli döwrüne g...
Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda agzybir watandaşlarymyzyň ömrüni bezeýän,...
Lebap açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň 3 million 81 müň 156 manatlygy...
Lebap welaýatynyň ekerançylary 2023-nji ýylda 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekip, ondan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat e...