Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Halaç etrap Geňeşi, etrap häkimligi, etrap merkezi kitaphanasy bilen bilelikde edara-guramada zähmet çekýän ýaşlaryň gatnaşmagynda Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasyndan gözbaş alýan ynsanperwerlik, parahatsöýüjilik we belent adamkärçilik ruhuna eýelenen ajaýyp eseri bolan “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly ajaýyp eserini ýaşlara düşündirmek maksady bilen “Kalbymyzy buýsandyrýan kitap” atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda Milli Liderimiziň halkymyza sowgat beren ajaýyp eseri “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly ajaýyp eseriniň ýaşlarymyza, türkmen milletimiziň kalbyna, ruhy dünýäsine has-da içgin düşünmäge itergi berýän pikirleri öňe sürýän bu kitap, täze kitap birnäçe bölümlerden ybarat bolup, türkmen kalbyny giňden açyp görkezýän eser bolmak bilen, halkymyzyň milli ýörelgelerini dünýä ýaýjak, Watanymyzyň mertebesini, at-abraýyny belende göterjek ruhy gymmatlygy barada giňişleýin gürrüň edildi. Söhbetdeşlikde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Halaç etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni G.Wellekow, etrabyň merkezi kitaphanasynyň kitaphançysy L.Annamyradowa çykyş etdiler.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada dör...
Şu ýylyň geçen aýlarynda Lebap welaýaty boýunça öndürilen elektrik energiýasy 2,1 milliard kilowat sagada golaý boldy we geçen ýylyň degişli döwrüne g...
Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda agzybir watandaşlarymyzyň ömrüni bezeýän,...
Lebap açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň 3 million 81 müň 156 manatlygy...
Lebap welaýatynyň ekerançylary 2023-nji ýylda 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekip, ondan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat e...