Lebap welaýatynyň Kerki şäherindäki pagta arassalaýjy kärhanasynda häzirki wagtda işçi-hünärmenleriň 240-a golaýy yhlasly zähmet çekýär. Welaýat gazetiniň berýän habaryna görä, kärhananyň önümçiliginiň tehnologiki yzygiderliligine laýyklykda daýhanlaryň ýetişdirýän «ak altyny» gaýtadan işlenilip, doly arassalanylan pagtanyň süýümi alynýar.
Habarda bellenilişi ýaly, pagta arassalaýjylar 2024-nji ýylda 5356 tonna pagtany arassalap, ondan 1585 tonna süýüm, 2813 tonna çigit, 165 tonna lint, 41 tonna ulýuk almagy başardylar. Jemi geçen ýylda 10 million 415 müň 903 manatlyk iş edildi.
Kärhanada 2025-nji ýylyň iki aýy hem zähmet üstünlikleri bilen jemlenildi. Has takygy, ýanwar-fewral aýlarynda 3441 tonna pagta gaýtadan işlenildi. Şondan 794 tonna süýüm, 1375 tonna çigit, 67 tonna lint, 26 tonna ulýuk alyndy.
Netijede edilen işleriň pul hasabyndaky möçberi 4 million 459 müň 515 manatlyga deň boldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada dör...
Şu ýylyň geçen aýlarynda Lebap welaýaty boýunça öndürilen elektrik energiýasy 2,1 milliard kilowat sagada golaý boldy we geçen ýylyň degişli döwrüne g...
Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda agzybir watandaşlarymyzyň ömrüni bezeýän,...
Lebap açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň 3 million 81 müň 156 manatlygy...
Lebap welaýatynyň ekerançylary 2023-nji ýylda 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekip, ondan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat e...