Ýakynda Darganata etrabynyň merkezi kitaphanasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Darganata etrap Geňeşiniň, Darganata etrap bilim bölüminiň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda ýaş nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemek, olaryň ýokary hilli bilim almaklary, döredijilik we sport bilen meşgullanmaklary, ukyp-başarnyklaryny doly ýüze çykarmak maksady bilen “Kitap – ylymlar çeşmesi” ady bilen wagyz- nesihat duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler kitap adamzat durmuşynyň deňsiz-taýsyz gymmatlygy, gaýtalanmajak oýlap tapmasydygy, ynsan ömründe kitabyň tutýan orny, onda adam ahlagyny terbiýeleýji, dünýägaraýşyny, gözýetimini giňeldiji, zehinini ýiteldiji güýjüň bardygy hakynda berk nygtadylar. Şeýle hem ýaş nesilleri watansöýüji, arassa ahlakly, belent adamkärçilikli, ruhubelent, giň dünýägaraýyşly, ylymly-bilimli adamlar edip ýetişdirmekde olaryň kitaba söýgüsini, okamak höwesini artdyrmagyň öran uly ähmiýetiniň bardygy, ýurdumyzyň kitaphanalarynda bolsa, döwrebap iş usullaryndan, sanly tehnologiýalardan peýdalanylmagynyň kitaphana hyzmatlaryny has-da kämilleşdirmäge mümkinçilik berýändigi barada gürrüňler edildi.
Söhbetdeşligimiziň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ylym-bilimi dünýä derejesinde ösdürýän, döwrebap kitaphanalarda döredijilikli işlemäge oňyn şertleri döredýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Firuza BAGTYÝAROWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar Guramasynyň Lebap welaýatynyň
Darganata etrap Geňeşiniň başlygynyň w.w.ýe.ýe
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada dör...
Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda agzybir watandaşlarymyzyň ömrüni bezeýän,...
Şu ýylyň geçen aýlarynda Lebap welaýaty boýunça öndürilen elektrik energiýasy 2,1 milliard kilowat sagada golaý boldy we geçen ýylyň degişli döwrüne g...
Lebap açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň 3 million 81 müň 156 manatlygy...
Lebap welaýatynyň ekerançylary 2023-nji ýylda 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekip, ondan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat e...