Köýten obasy

04.08.2023 253
Köýten obasy

     Köýten daglary güneşli Diýarymyzyň günorta-gündogarynda ýerleşýän dag ulgamydyr. Belli türkmen dilçi alymy Soltanşa Atanyýazowyň «Söz mülküne syýahat» diýen gysgaça toponimiki sözlüginde: «Ilki obanyň hem-de derýanyň ady bolan Köýten «Kuhi taň», pars-täjik dillerindäki «kuh» —«dag» we «teň» — «dar» sözlerinden emele gelip, «dar jülge» diýen manyny aňladýar» diýlip bellenilýär.

Köýten adalgasynyň gelip çykyşy barada başga-da çaklamalar öňe sürülýär. Bilşimiz ýaly, türk dilinde oba, ilatly ýere «Köý» diýilýär. Köýten obasy dar jülgede ýerleşýär. Obanyň iki tarapy-da daglyk bolup, diňe günortan bolaýmasa galan wagtynda oba dagyň kölegesinde galýar. Şu ýagdaýy göz öňünde tutsak, onda «Köýten» sözi kölegedäki oba diýen manyny berýändir diýen çaklamany öňe sürmek mümkindir.

Köýten obasynyň içinden dury suwly dag çeşmesi akýar. Obanyň golaýynda köl, arnap tokaýlygy ýerleşýär. Bu ajaýyp künjek syýahatçylary özüne çekýär. Şu sebäpli soňky ýyllarda obanyň gelim-gidimi has-da köpeldi.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň gözel künjeklerine syýahatçylary çekmek barada kabul edýän maksatnamalary Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistany dünýä syýahatçylygynyň meşhur merkezleriniň birine öwürmekde möhüm ähmiýete eýe bolýar. Köýtendag sebitinde-de bu babatda köp işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň dürli künjeklerinden bu ýere gezelenje gelýänler köp. Gözel Diýarymyzda syýahatçylyk pudagyny ösdürmeklige, türkmen topragyndaky täsinlikleri dünýä ýaýmaklyga uly üns berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli işleri mydama üstünliklere beslensin!

Lebap welaýat häkimliginiň resmi saýty © 2020 - 2024 Ähli hukuklary goralan.