Köýtendag etrabynyň ýaşaýjylary üçin hem Bilimler we talyp ýaşlar güni aýratyn ýatdagalyjy wakalara baý boldy. Baýramçylyk mynasybetli etrabyň çäginde umumybilim berýän orta mekdepleriň birbada üçüsi açylyp, ulanylmaga berildi. Köýtendag şäherinde 790 orunlyk iki gatly ähli amatlylyklary bolan umumybilim berýän 59-njy orta mekdep okuwçy ýaşlar üçin gujagyny giňden açdy. Täze okuw ýylynyň ilkinji gününiň dabaralary ýurdumyzda sentýabr aýynyň dowamynda geçirilýän «Ýol hereketiniň howpsuzlygy—ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäreleri bilen utgaşdy. Mekdebiň ýene-de bir aýratynlygy bu ýerde mekdep muzeýiniň bolmagydyr. Onda Köýtendagda duş gelýän tebigy minerallar hem-de gelin-gyzlarymyzyň nepislik bilen taýýarlan el işleri, keşdeçilik sungatynyň önümleri ýerleşdirilipdir. Orta mekdebiň naharhanasynyň, sport zalynyň, şeýle-de sport meýdançalarynyň bolmagy hem bellenilmäge mynasypdyr. Etrabyň tebigy gözellikleri bilen utgaşýan täze bilim ojagy Köýtendag etrabynyň okuwçy ýaşlarynyň bilimler dünýäsine içgin aralaşmaklarynda uly orun eýelär.
Etrabyň Megejik geňeşliginde ulanylmaga berlen iki gatly 790 orunlyk umumybilim berýän 60-njy orta mekdebiň açylyş dabarasy hem şatlyk-şagalaňa beslendi. Ilkinji gezek mekdebiň gapysyndan ätlän 1-nji synp okuwçylar üçin bu günki baýramçylyk dabarasy has-da täsirli boldy. Körpe raýatlarymyza dabaraly ýagdaýda hormatly Prezidentimiziň adyndan noutbuklar gowşuryldy. Orta mekdebiň daş-töwereginiň abadanlaşdyrylyp, sport meýdançalarynyň hem hereket edýändigi bellärlikli ýagdaýdyr.
Burguçy geňeşliginde gurlup, ulanylmaga berlen iki gatly 210 orunlyk umumybilim berýän 61-nji orta mekdep hem gurluşyk işleriniň ýokary hil derejesi bilen tapawutlanýar. Okuw binasynda ýaş nesliň bilim almagy üçin ähli amatlylyklar göz öňünde tutulypdyr. Ir säherden oba ilaty, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, il sylagly ýaşulular, bilim ulgamynyň wekilleri orta mekdebiň açylyş dabarasynyň geçirilýän ýerine ýygnandylar. Giň we ýagty mekdep otaglary, binanyň sowadyjy we ýyladyş ulgamlary bilen göwnejaý üpjün edilmegi, goşmaça tehniki binalaryň sazlaşykly işi, okuw dersleri boýunça otaglaryň ýokary derejede enjamlaşdyrylmagy myhmanlarda buýsanç duýgusyny oýardy. Etrabyň ýaşaýjylary täze mekdebi gurduryp berendigi üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza ýürekleriniň töründen çykýan hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada dör...
Lebap açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň 3 million 81 müň 156 manatlygy...
Şu ýylyň geçen aýlarynda Lebap welaýaty boýunça öndürilen elektrik energiýasy 2,1 milliard kilowat sagada golaý boldy we geçen ýylyň degişli döwrüne g...
Lebap welaýatynyň ekerançylary 2023-nji ýylda 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekip, ondan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat e...
Şu günler welaýat Baş bilim müdirliginiň çagalar baglarynyň mekdebe taýýarlaýyş toparlarynyň körpeleriniň arasynda yglan eden «Baş...