Köýtendagda guşuň täze görnüşi peýda boldy

31.07.2023 195
Köýtendagda guşuň täze görnüşi peýda boldy

Köýtendag sebitinde Türkmenistanda ozal gabat gelinmedik guş görnüşi hasaba alyndy. Alymlar bu guş görnüşiniň Türkmenistanyň çäklerine täze gelendigini aýdýarlar.

Kellesindäki ýelegi ak telpek geýen görnüşi ýatladýan, gargalar maşgalasyna degişli bolan guş seýrek görnüş hökmünde mundan ozal duş gelýän ýurtlaryň hem Gyzyl kitabyna girizilipdir. Täze guş görnüşi Köýtendagyň ajaýyp ýerleriniň biri bolan Daraýderede hasaba alyndy. Türkmen biologlary öň hem bu derede kebelekleriň, guşlaryň we beýleki jandarlaryň ýene birnäçe täze görnüşlerini hasaba aldylar.

Garganyň «ak telpekli» görnüşi adatça, Täjigistanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Owganystanyň, Hytaýyň we Mýanmanyň çäklerinde duş gelýärdi.

Lebap welaýat häkimliginiň resmi saýty © 2020 - 2025 Ähli hukuklary goralan.