Köýtendagly hususyýetçi pomidor we bolgar burçundan 160 tonna hasyla garaşýar

07.11.2023 298
Köýtendagly hususyýetçi pomidor we bolgar burçundan 160 tonna hasyla garaşýar

Köýtendagly hususyýetçi Rinat Irgaşow 2017-nji ýylda etrabyň «Dostluk» daýhan birleşiginden bölünip berlen 2 gektar ýerde ýyladyşhana gurup, gök önümleriň dürli görnüşlerini ýetişdirýär. Daýhan ýigit işi ilki pomidordyr hyýaryň köp hasyl berýän görnüşlerini ekmekden başlan bolsa, soňa-baka önümçiligiň çägini giňeldip, ýyladyşhanada baklajan we bolgar burçuny ýetişdirmäge hem girişdi. Geçen ýyl pomidor bilen bolgar burçundan 110 tonnadan gowrak hasyl alnan bolsa, ýaşlar täze hasylda gök önümleriň 160 tonnasyna garaşýarlar. Şu günler pomidoryň 10 müň düýbe golaýyna, bolgar burçunyň bolsa 20 müň düýbüne kadaly ideg edilýär. Ýygnalyp başlanjak pomidoryň her düýbünden 10, bolgar burçunyň her düýbünden bolsa 5-6 kilogram hasyla garaşýarlar.

Lebap welaýat häkimliginiň resmi saýty © 2020 - 2024 Ähli hukuklary goralan.