Kubok almak ugrunda ýaryşdylar

30.09.2023 80
Kubok almak ugrunda ýaryşdylar

Türkmenabat şäherindäki 11-nji sport mekdebiniň «Zähmet» stadionynda ýeňil atletika boýunça welaýatyň kubogyny almak ugrunda ýaryş geçirildi. Oňa Türkmenabat şäherinden, Saýat, Çärjew, Dänew, Halaç we Köýtendag etraplaryndan oglan-gyzlaryň 155-si gatnaşdy.

Türgenler bellenilen 100, 200, 400, 800, 1500, 5000 metr aralyklara ylgamak, 110 metr aralykda päsgelçilikden geçmek, uzynlygyna we üçürdikläp bökmek ýaly berlen şertlere laýyklykda özara güýç synanyşdylar. Şeýle-de olar 4x100 we 4x400 boýunça estafeta ylgawyny hem guradylar. Netijede türkmenabatly türgenler welaýatyň kubogyna mynasyp boldular. Olary ýaryşa tälimçiler Witaliý Kişikow, Nazira Hojaýewa we Eldar Hojaýew taýýarladylar. Toparyň düzüminde ýokary synp mekdep okuwçylary bilen birlikde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyplary hem çykyş etdiler.

Saýat etrabynyň türgenleriniň hem ýaryşa taýýarlygyna ýokary baha berildi. Netijede etrabyň topary ikinji baýrakly orna mynasyp boldy. Saýatly türgenleri ýaryşa Çary Açilow taýýarlady. Ýaryşyň üçünji baýrakly ornuny çärjewli tälimçi Kamiljan Hudaýnazarowyň okuwçylary eýelediler.

Lebap welaýat häkimliginiň resmi saýty © 2020 - 2024 Ähli hukuklary goralan.