Kümüş medala mynasyp boldy

09.08.2023 53
Kümüş medala mynasyp boldy

     Seýdili agyr atletikaçy Ali Babamyradow Belarus Respublikasynda geçirilýän GDA-nyň II oýunlarynda 55 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, kümüş medala mynasyp boldy. Ştangany silterläp galdyrmak boýunça 95 kilogram agyrlygy eýgeren ildeşimiz itekläp galdyrmakda 120 kilogram agyrlygy başynyň üstüne göterdi. Şeýlelikde, Ali Babamyradow GDA-nyň oýunlaryndaky çykyşyny 215 kilogramlyk netije bilen tamamlady. Aliden başga-da, Oýunlarda daşoguzly agyr atletikaçy Ýulduz Jumabaýewa hem kümüş medala mynasyp boldy.

Lebap welaýat häkimliginiň resmi saýty © 2020 - 2023 Ähli hukuklary goralan.