Küşt birinjiliginde bäş ýeňiş

13.07.2023 211
Küşt birinjiliginde bäş ýeňiş

Lebap welaýatynyň wekilleri mekdep toparlarynyň arasynda geçirilen küşt boýunça Türkmenistanyň birinjiliginde diýseň üstünlikli çykyş etdiler.

Ýaryş 12 ýaşa hem-de 18 ýaşa çenli küştçüleriň arasynda ýaýbaňlandyryldy. Ýeňijiler dünýä çempionatyna gatnaşmaga ýollanma gazandylar.

Jemi 100 okuwçynyň gatnaşmagynda geçirilen ýaryşda Lebap welaýatyna Türkmenabat şäherindäki 2-nji, 11-nji, 17-nji, 24-nji, 26-njy, 27-nji, 29-njy, 30-njy we 41-nji orta mekdepleriň toparlary wekilçilik etdiler.

12 ýaşa çenli çagalaryň arasynda geçirilen ýaryşda öňdäki orunlaryň üçüsini hem türkmenabatly okuwçylar eýelediler. Has takygy, şäherdäki 41-nji, 26-njy we 2-nji orta mekdepleriň toparlary ilkinji üç orny paýlaşdylar.

18 ýaşa çenlileriň arasynda hem Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdebiň toparyna taý tapylmady. Bu ýaş derejesinde ikinji orny welaýat merkezindäki 27-nji, üçünji orny bolsa Bäherden etrabyndaky 28-nji orta mekdepleriň okuwçylary eýelediler.

Şeýlelikde, 12 hem-de 18 ýaşa çenli okuwçylardan düzülen toparlaryň ýaryşlarynyň ýeňijileri 12-nji awgustda Aktau (Gazagystan Respublikasy) mekdepleriň toparlarynyň arasynda başlanjak dünýä çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Lebap welaýat häkimliginiň resmi saýty © 2020 - 2025 Ähli hukuklary goralan.