Türkmenabat şäheriniň 41-nji orta mekdebiniň 6-njy synp okuwçysy Yhlas Narimanow 7-nji awgusta Aktau şäherinde tamamlanan küşt boýunça mekdepleriň arasyndaky toparlaýyn dünýä çempionatynda ýekelikdäki hasap boýunça kümüş medala mynasyp boldy.
Toparda 12 ýaşa çenli küştçüleriň arasynda ikinji tagtada çykyş eden Yhlas «performans-reýting» oýun derejesini (87,5 %) görkezdi. Onuň netijesi diňe ukrainaly Stanislaw Pentskonyňdan (93,8 %) pes boldy.
12 ýaşa çenli küştçileriň arasyndaky toparlaýyn ýaryşda Türkmenabadyň 41-nji orta mekdebi mümkin bolan 16 utukdan 9-syny gazandy we 27 toparyň arasynda 11-nji ýeri eýeledi. Halkara Küşt federasiýasynyň howandarlygynda Aktauda geçýän mekdepleriň toparlarynyň dünýä çempionatynyň hem taryhda ilkinji gezek guralýandygyna ünsi çekmelidiris.
Mekdebiň şu ýaş derejesindäki ýygyndy toparyna 16 ýaşa çenlileriň arasynda ýurduň çempiony Sanjar Gaýbullaýew (15 ýaş), ýaşy 14-e çenli küştçileriň arasynda Türkmenistanyň häzirki çempiony Gurbanmyrat Rüstemow (13 ýaş), kän wagt bäri resmi ýaryşlarda çykyş etmedik Begenç Artykow (16 ýaş) hem-de 15 ýaşly mekdep okuwçylarynyň arasyndaky Aziýa çempionatynyň bürünç medalçysy Gülmira Seýilhanowa (15 ýaş) bar.
Aktauda (Gazagystan) geçirilen bu ýaryşda dünýäniň 50-den gowrak ýurdundan 350 töweregi mekdep okuwçysynyň gatnaşmagynda geçirildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada dör...
Şu ýylyň geçen aýlarynda Lebap welaýaty boýunça öndürilen elektrik energiýasy 2,1 milliard kilowat sagada golaý boldy we geçen ýylyň degişli döwrüne g...
Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda agzybir watandaşlarymyzyň ömrüni bezeýän,...
Lebap açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň 3 million 81 müň 156 manatlygy...
Lebap welaýatynyň ekerançylary 2023-nji ýylda 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekip, ondan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat e...