Welaýat kitaphanasynda Ýewropada Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy tarapyndan Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin hereketleriň milli meýilnamasynyň durmuşa geçirilişini ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlanan okuw maslahaty geçirildi.
Welaýat häkimliginiň, welaýat zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirliginiň, welaýat polisiýa müdirliginiň, welaýat prokuraturasynyň, adwokatlar kollegiýalarynyň welaýat edaralarynyň, iri jemgyýetçilik guramalarynyň, baş bilim we saglygy goraýyş müdirlikleriniň wekilleriniň gatnaşmaklarynda geçirilen bu okuw maslahatynda degişli mowzuk boýunça pikir alyşmalar boldy. Şonuň ýaly-da degişli çäräniň barşynda sowal-jogap alşylyp, meýilnama laýyklykda ýurdumyzda gender deňligini dowam etdirmek boýunça döwlet we halkara derejesinde amala aşyrylýan işleriň netijelerine üns çekildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada dör...
Lebap açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň 3 million 81 müň 156 manatlygy...
Şu ýylyň geçen aýlarynda Lebap welaýaty boýunça öndürilen elektrik energiýasy 2,1 milliard kilowat sagada golaý boldy we geçen ýylyň degişli döwrüne g...
Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda agzybir watandaşlarymyzyň ömrüni bezeýän,...
Lebap welaýatynyň ekerançylary 2023-nji ýylda 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekip, ondan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat e...