Ýaňy-ýakynda Lebap welaýat kitaphanasynyň öňündäki meýdançada ýurdumyzda giňden bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi.Dabara Lebap welaýat, şäher häkimlikleriniň, iri jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, il sylagly ýaşulular, bilim, medeniýet işgärleri, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň, orta hünär okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Dabarada çykyş edenler Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatlaryndan ugur alyp bilim edaralaryny döwrüň talaplaryna we häzirki zaman ülňülerine laýyk derejede kämilleşdirmek, täze sapaklary, aýratyn-da, sanly ulgam bilen baglanyşykly sapaklary girizmek dogrusynda buýsançly gürrüň etdiler.
Türkmen ylmyny döwrebap derejede ösdürýän, alymlara ylmy gözlegler bilen meşgullanmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Aýjahan MOLLAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat
Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada dör...
Şu ýylyň geçen aýlarynda Lebap welaýaty boýunça öndürilen elektrik energiýasy 2,1 milliard kilowat sagada golaý boldy we geçen ýylyň degişli döwrüne g...
Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda agzybir watandaşlarymyzyň ömrüni bezeýän,...
Lebap açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň 3 million 81 müň 156 manatlygy...
Lebap welaýatynyň ekerançylary 2023-nji ýylda 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekip, ondan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat e...