Lebap welaýatynda 47 müň tonnadan gowrak şaly hasylyny almak göz öňünde tutulýar

04.08.2023 238
Lebap welaýatynda 47 müň tonnadan gowrak şaly hasylyny almak göz öňünde tutulýar

Lebap welaýatynda şu ýyl 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekilip, ondan 47 müň 400 tonna şaly hasylyny almak göz öňünde tutulýar. Munuň özi her gektaryň hasyllylygynyň 47 sentnere ýakyn boljakdygyny aňladýar. Öňde goýlan sepgide ýetmek maksady bilen, welaýatyň şalyçylary häzirki günlerde hysyrdyly zähmeti talap edýän bu ekine agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda hyzmat edip, tutanýerli zähmet çekýärler.

Habarda bellenilişi ýaly, meýilnama laýyklykda şu ýyl welaýatyň iri etraplary bolan Saýat etrabynda 3 müň 140 gektar, Çärjew etrabynda 3 müň 80 gektar, şeýle hem Dänew etrabynda 2 müň 160 gektar ýere şaly ekildi.

Bu möhüm azyklyk ekinine ideg işleriniň dowamynda ekin meýdanlarynda suwuň zerur bolan derejesiniň saklanylmagy, ekine fosfor hem-de karbomid dökünleriniň öz ýagtynda, ýeterlik mukdarda berilmegi, ekin meýdanlarynyň haşal otlardan arassalanylmagy şalynyň kadaly boý almagyny üpjün edýär.

Lebap welaýat häkimliginiň resmi saýty © 2020 - 2025 Ähli hukuklary goralan.