Üstümizdäki ýylyň geçen ýedi aýynda Lebap welaýatynyň ähli hojalyklary boýunça gök önümleriň 76,5 müň tonnasy, azyklyk bakjanyň 50,2 müň tonnasy, miweleriň we ir-iýmişleriň 28,9 müň tonnasy, ýeralmanyň hem 95,7 müň tonnasy öndürildi. Bu görkezijiler geçen ýylyň degişli döwründäkiden ep-esli ýokarydyr.
Şonuň netijesinde hem söwda dükanlarynyň we ak bazarlaryň azyk önümleri bilen üpjünçiligi gowulandy. Munuň özi bolsa bölek-satuw nyrhlarynyň peselmegine getirdi. Has takygy, öňki aý bilen deňeşdirilende geçen aýda pomidoryň nyrhy 21,48 göterim, hyýaryňky 9,93 göterim, düýp soganyňky 9,75 göterim, şugundyryňky 9,23 göterim, kelemiňki 7,94 göterim, ýeralmanyňky 2,13 göterim peseldi.
Bulardan başga-da, günebakar ýagynyň nyrhy 21 göterimden gowrak, greçka ýarmasynyňky 6,02 göterim, ýokary hilli bugdaý ununyňky bolsa 4,64 göterim peseldi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada dör...
Lebap açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň 3 million 81 müň 156 manatlygy...
Şu ýylyň geçen aýlarynda Lebap welaýaty boýunça öndürilen elektrik energiýasy 2,1 milliard kilowat sagada golaý boldy we geçen ýylyň degişli döwrüne g...
Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda agzybir watandaşlarymyzyň ömrüni bezeýän,...
Lebap welaýatynyň ekerançylary 2023-nji ýylda 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekip, ondan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat e...