Türkmenistanyň Lebap welaýatynyň oba hojalykçylary şu ýyl 130 müň gektar ýerde gowaça ekip, ondan bol pagta hasylyny almaklygy meýilleşdirýärler. Häzirki wagtda welaýatyň ekin meýdanlarynda hatarara bejergi, otag we ýekelemek, gowaçalary mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de ösüş suwuny tutmak işleri sazlaşykly dowam etdirilýär. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" internet neşirinde habar berilýär.
Bellenilişi ýaly, welaýat boýunça her günde 5 müň gektar töweregi ýerde otag-ýekelew işleri geçirilýär. Häzirki döwre çenli bu möhüm çäräniň geçirilen meýdanynyň 50 müň gektardan aşmagy pagtaçy-kärendeçileriň tutanýerli zähmetiniň netijesidir.
Welaýatda tehnikalaryň öndürijilikli we bökdençsiz işledilmegi netijesinde gowaça ekilen meýdanlarda 1-nji we 2-nji hatarara bejergi işleri hem guramaçylykly dowam etdirilýär. Häzirki döwre çenli 90 müň gektara golaý ýerde 1-nji, 20 müň gektardan gowrak meýdanda hem 2-nji hatarara bejergi işleri geçirildi. Şeýle hem gowaçalary karbamid döküni bilen 1-nji gezek gapdaldan iýmitlendirmek işleri 15 müň gektara ýakyn ýerde amala aşyryldy.
Gowaça bejergisinde peýdalanylýan tehnikalaryň gurat we saz işledilmeginde «Lebapobahyzmat» önümçilik birleşiginiň etraplardaky «Obahyzmat» önümçilik kärhanalaryna hem aýratyn paý degişlidir. Geljekki hasylyň ykbalyny kesgitleýän häzirki wagtda gowaçalara ideg etmek işleri Kerki, Halaç, Saýat, Çärjew hem-de Dänew etraplarynda has-da talabalaýyk alnyp barylýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada dör...
Şu ýylyň geçen aýlarynda Lebap welaýaty boýunça öndürilen elektrik energiýasy 2,1 milliard kilowat sagada golaý boldy we geçen ýylyň degişli döwrüne g...
Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda agzybir watandaşlarymyzyň ömrüni bezeýän,...
Lebap açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň 3 million 81 müň 156 manatlygy...
Lebap welaýatynyň ekerançylary 2023-nji ýylda 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekip, ondan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat e...