Lebap welaýat kitaphanasynda etrap-şäher kitaphana işgärleriniň gatnaşmaklarynda hünär bäsleşigi geçirildi. Bäsleşik kitaphanalarda sanly ulgamyň işini kämilleşdirmek, bitewi elektron ulgamynyň çygryny has-da giňeltmek, ýurduň kitaphanalarynyň arasynda kämil iş tejribelerini ýaýratmak, iň göreldeli kitaphana işgärlerini ýüze çykarmak maksady bilen geçirildi. Bu barada «Türkmen gündogary» gazetinde habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, bäsleşikde hünärmenleriň ukyp-başarnyklary, iş başarnyklary gözden geçirildi.
Netijede Kerki etrap merkezi kitaphanasynyň müdiri Çemen Pirnazarowa birinji orna mynasyp boldy. Türkmenabat şäher merkezi kitaphanasynyň baş kitaphanaçysy Agagül Jumagulyýewa we Halaç etrap merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy Lälegül Annamyradowa dagy degişlilikde ikinji we üçünji orunlara eýe boldular.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada dör...
Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda agzybir watandaşlarymyzyň ömrüni bezeýän,...
Şu ýylyň geçen aýlarynda Lebap welaýaty boýunça öndürilen elektrik energiýasy 2,1 milliard kilowat sagada golaý boldy we geçen ýylyň degişli döwrüne g...
Lebap açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň 3 million 81 müň 156 manatlygy...
Lebap welaýatynyň ekerançylary 2023-nji ýylda 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekip, ondan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat e...