Lebap welaýatynyň Atçylyk sport toplumynyň mejlisler jaýynda «Şan-şöhraty dünýä dolan bedewler» atly dabaraly maslahat geçirildi.

24.04.2025 173
Lebap welaýatynyň Atçylyk sport toplumynyň mejlisler jaýynda «Şan-şöhraty dünýä dolan bedewler» atly dabaraly maslahat geçirildi.

     2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşiniň gurnamagynda Lebap Atçylyk sport toplumynyň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat, şäher etrap Geňeşleriniň işgärleri hem-de TOHU-nyň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda «Şan-şöhraty dünýä dolan bedewler» atly dabaraly maslahat geçirildi.

     Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Milli we umumadamzat medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolan türkmen halkynyň atşynaslyk däplerini gorap saklamak, ösdürmek we dünýä ýaýmak babatda taýsyz tagalla edýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alyp barýan işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler. 


Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat

Geňeşiniň başlygynyň orunbasary                              Rahman ERGEŞOW

Lebap welaýat häkimliginiň resmi saýty © 2020 - 2025 Ähli hukuklary goralan.