Lebap welaýatynyň bejeriş-sagaldyş hassahanasynyň döredilmeginiň 100 ýyllygy mynasybetli dabaralar geçirildi. Bu dabaralar Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň gündogar sebitdäki şatlygyna şatlyk goşdy. Demirýolçularyň hassahanasy hökmünde meşhurlyk gazanan bu saglyk merkezi 1923-nji ýylda 25 orunlyk çaklaňja hassahana hökmünde işläp başlady. Soňra mümkinçiligi 170 orunlyga çenli artan hassahanada häzirki wagtda bir wagtyň özünde 90 adam bejergi alyp bilýär. Şanly sene mynasybetli bu hassahanada toý sadakasy hem berildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada dör...
Lebap açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň 3 million 81 müň 156 manatlygy...
Şu ýylyň geçen aýlarynda Lebap welaýaty boýunça öndürilen elektrik energiýasy 2,1 milliard kilowat sagada golaý boldy we geçen ýylyň degişli döwrüne g...
Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda agzybir watandaşlarymyzyň ömrüni bezeýän,...
Lebap welaýatynyň ekerançylary 2023-nji ýylda 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekip, ondan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat e...