Lebap welaýatynyň Dänew etrabynda küşt boýunça etrap çempionaty geçirildi

08.11.2023 692
Lebap welaýatynyň Dänew etrabynda  küşt boýunça etrap çempionaty geçirildi

Dänew etrabynyň 1-nji sport mekdebinde 8, 10, 12, 14 we 16 ýaşa çenli oglan-gyzlaryň arasynda küşt boýunça etrabyň açyk çempionaty geçirildi. Oňa ýaş türgenleriň 150-ä golaýy gatnaşdy. Olar  — adaty, rapid we blis görnüşleri boýunça öz aralarynda güýç synanyşdylar. Ilki bilen küştçüler öz ýaş derejelerinde adaty görnüşi boýunça bäsleşdiler. Onuň netijeleri boýunça 8 ýaşa çenli oglanlaryň we gyzlaryň arasynda Alihan Seýitjanow we Mähriban Begendikowa dagylar hemmelerden öňe saýlandylar. 10 ýaşa çenli küştçüleriň arasynda Döwran Merdanow bilen Melike Altybaýewa dagylar birini orny eýelediler. 12 ýaşa çenli küştçüleriň arasynda Baýhan Jumaýewe we Aýnur Hemraýewa taý gelen tapylmady. 14 ýaşa çenli türgenleriň gatnaşmagynda geçirilen duşuşyklarda Alijan Ahmedow we Merjen Ibragimowa dagylar ähli garşydaşlaryndan köp utuk gazandylar. 16 ýaşa çenli oglanlaryň we gyzlaryň arasynda Aýbek Sünnetullaýew we Mähri Aýmakowa birinjiligi hiç kime bermediler. Rapid we blis görnüşleri boýunça ýaryşlar ýaş tapawutlyklary boýunça bölünmän, garyşyk görnüşinde geçirildi we oňa ähli ýaşdaky oglanlar we gyzlar gatnaşdylar. Olaryň netijeleri boýunça Mähri Aýmakowa hemmelerden köp utuk toplady we Dänew etrabynyň çempiony diýen ada mynasyp boldy.

Lebap welaýat häkimliginiň resmi saýty © 2020 - 2025 Ähli hukuklary goralan.