Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynda “Dost-doganlyk ýoly dünýä uzaýar“ atly temada brifing duşuşygy geçirildi.

14.04.2025 119
Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynda “Dost-doganlyk ýoly dünýä uzaýar“ atly temada brifing duşuşygy geçirildi.

     Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher Geňeşiniň guramagynda Türkmenistanyň Hormatly Prezidentimiziň Özbekistan respublikasyna iş sapary mynasybetli “Dost-doganlyk ýoly dünýä uzaýar“ atly temada brifing duşuşygy geçirildi.

      Duşuşykda ýurdumyzda Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Samarkantda geçirilýän «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammitiň mejlisinde Merkezi Aziýa bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky ykdysady we maýa goýum ulgamlarynda, energetika, ulag hem-de söwda pudaklarynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine ýokary baha berýändigi barada aýdyp geçdiler. Türkmenistanyň ýewropaly hyzmatdaşlary dikeldilýän energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga çagyrýandygyny belläp, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: «Türkmenistan Ýewropa Bileleşigi bilen netijeli energodialogy täze derejede ýola goýmaga berk çalyşýar we iş ýüzündäki ädimleri amala aşyrmaga taýýardyr» diýip belledi. Ulag we kommunikasiýa ulgamlarynyň Gündogar-Günbatar hem-de Günbatar-Gündogar ulag we kommunikasiýa ulgamlaryny döretmegiň esasy bölegidigini belläp, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bu meselede Hazarüsti ugra uly orun berlip, Türkmenbaşy portunyň kuwwatyny, şeýle hem ýurtdaky ýol ulgamlaryny şu taslama üçin ulanmaga taýýardygyny Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aýdan sözleri barada özleriniň çykyşlarynda belläp geçdiler.

     Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurdumyzy ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli, umumyadamzat ähmiýetli beýik işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.


Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Türkmenabat şäher Geňeşiniň hojalyk işleri boýunça esasy hünärmeni                                 Narif Babakulyýew

Lebap welaýat häkimliginiň resmi saýty © 2020 - 2025 Ähli hukuklary goralan.