Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Guşlaryň owazy — parahatçylygyň güwäsi» atly döredijilik bäsleşik geçirildi.

01.04.2025 126
Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Guşlaryň owazy — parahatçylygyň güwäsi» atly döredijilik bäsleşik geçirildi.

    Her ýylyň 1-nji aprelinde ýurdumyzda giňden bellenilip geçilýän Bütindünýä guşlar gününe gabatlap ýaş nesilleriň watançylyk duýgusyny kämilleşdirmek, tebigata söýgi döretmek, ekologik sowatlylygyny ýokarlandyrmak, şeýle hem zehinli suratkeş ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat geňeşi, hem-de Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi bilen bilelikde guramagynda welaýatymyzyň çagalar çeperçilik we sungat mekdepleriniň 15 — 17 ýaş aralygyndaky okuwçylarynyň arasynda «Guşlaryň owazy — parahatçylygyň güwäsi» atly döredijilik bäsleşik geçirildi.

     Geçirilen bu bäsleşige nakgaş, grafika we gobelen eserleriniň 80-e golaýy hödürlenildi we olaryň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Guşlar dünýäsiniň ajaýyplyklaryny açyp görkezýän sergide Tebigaty goramak jemgyýetiniň welaýat bölümi tarapyndan ýurdumyzda ýaşaýan dürli guşlaryň gäpleriniň hem ýerleşdirilmegi oňa aýratyn gözellik çaýdy. Täsirli geçen bäsleşikde Çärjew etrabynyň Farap şäherindäki çagalar sungat mekdebiniň okuwçysy Merjen Zarafşanowa birinji, şu mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Mahira Umytjanowa hem-de Dänew etrabynyň Seýdi şäherindäki çagalar sungat mekdebiniň okuwçysy Maksat Şakirjanowa ikinji, Saýat etrabynyň Sakar şäherindäki çagalar sungat mekdebiniň okuwçysy Mekan Muhtarbaýew, Türkmenabat şäherindäki çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylary Eneş Rejepowa hem-de Melike Bekmuradowa üçünji orunlary eýelediler. Şeýle hem Türkmenabat, Saýat, Dänew hem-de Hojambaz etraplaryndaky çagalar sungat mekdeplerinde okaýan Aýlar Rustamowa, Ogulnur Meýlisowa, Şerhan Ruslanow we Söhbet Hudaýberenow dagy höweslendiriji baýraklara eýe boldular.

     Bäsleşigiň ýeňijileri we baýrakly orunlara eýe bolan ýaş suratkeşlere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň Hormat hatlary we sowgatlary gowşuryldy.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat geňeşiniň

guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni                         Aýjahan Mollaýewa

Lebap welaýat häkimliginiň resmi saýty © 2020 - 2025 Ähli hukuklary goralan.